13.03.2023
10.05.2023

Türkmenistanyň Energetika ministrligi elektrik bekedi gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Balkan welaýatynda 1574 MWt kuwwatly kombinirlenen elektrik bekedini dolulygyna gurmak hem-de ony elektrik toruna birikdirikdirmek üçin zerur elektrik geçiriji ulgamlaryny gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • tendere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, bellige alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrliginden lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplaryny almaly;
  • 1500 amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Basleşik teklipleri 2023-nji ýylyň maý aýynyň 10-na sagat 16:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 37-94-31

+993 12 37-94-33

Türkmenistan, Aşgabat ş. k. 2022, 55
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022