20.03.2023
02.05.2023

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi döwrebap awtomobil ýoluny gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda “Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi” täze, döwrebap awtomobil ýolunyň we onuň ugrundaky desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 2-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12  44-46-64

+993 12 44-46-77

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022