30.03.2023
10.04.2023

Daşoguz welaýat häkimligi gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda welaýat boýunça döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän gurluşyklaryň sanawyna goşulan welaýatyň şäherlerinde we etraplarynda uzynlygy 211,3 kilometr elektrik, 1096,9 kilometr suw we 67 kilometr lagym geçiriji ulgamlaryň gurluşyk-gurnama işleri üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 10-njy apreline, sagat 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 (322) 9-03-02

Faks:

+993 (322) 9-03-14

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022