Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalaşyklarynda 21 geleşik hasaba alyndy.
Ýerli telekeçiler 82 million 138 müň 400 manada barabar bolan dokma önümleriň dürli görnüşlerini satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen nebit ýol bitumyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümi bolan natriý hloryny we “B” görnüşli karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 674 müň 250 ABŞ dollara deň boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.