Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) we Germaniýanyň Futbol bileleşiginiň (DFB) wekilleri anna güni sanly ulgam arkaly duşuşyp, onuň dowamynda ýaşlar futboly we tälimçileri okatmak ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugy habar berýär.
Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň barşynda taraplar Türkmenistanyň futbol ulgamyna öňdebaryjy nemes usulyýetini ornaşdyrmagyň ugurlaryny öwrendiler. Ýaşlaryň arasynda fubol başlangyçlarynyň kämilleşdirmäge we tälimçileri taýýarlamak ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.
Ýaşlar futbolyny mundan beýläk-de ösdürmek, tälimçiler üçin bilim maksatnamalary TFF-niň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Degişli düzümler arkaly dialogy dowam etmegi we hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri çuňňur öwrenmek barada ylalaşdylar.
Şol gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Belgiýanyň Patyşalyk futbol birleşigi bilen hem sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi. Onda tälimçileri taýýarlamak we ýaşlar fubolyny ösdürmek ulgamynda bilelikde işlemegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň futbol düzümler we zehinleri ösdürip ýetişdirmegiň usulyýetleri bilen tanyşmak üçin Belgiýa saparyny hem maslahatlaşdylar.