26.04.2023
09.05.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy awtomatiki dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasyndaky birinji gazy gaýtadan işleýän zawody üçin awtomatiki dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça № CIT-23042-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

Tendere gatnaşmak üçin arza;

  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesini tabşyrmaly
  • Soňky üç ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Soňky 3 ýylyň dowamynda bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada gysgaça maglumat bermeli;
  • Bu tender üçin teklip edilýän enjamlaryň ýerleşýän ýeri we häzirki ýagdaýy;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.
  • Soňky 5 ýylyň dowamynda ýerine betirilen taslamalaryň netijeliligini tassyklaýan sertifikaty;
  • Kompaniýanyň doly profilini, iş ygtyýarnamasyny, salgyt boýunça bellige alyş şahadatnamasyny, kärhananyň kodunyň şahadatnamasy we beýleki materiallary tabşyrmaly
  • Tender işleri ýerine ýetirilýän döwründe kärhananyň ygtyýarnamany togtatmajagy ýa-da ýatyrmajakdygy, bankrot diýlip yglan edilmejekdigi, şertnamanyň ähli şertlerini ýerine ýetirip biljekdigi barada kärhananyň ýolbaşçysy ýa-da ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilen kepillik haty

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022