27.04.2023
11.05.2023

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy himiki reagentleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy aşakdaky sanawda görkezilen harytlar bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär:

  • Ownuk markaly, maýdalanan hlorly kaliý - 240 tonna;
  • Buraw erginleri üçin krahmal reagenti - 117 tonna;
  • FHLS (ferrohrom lignosulfonat) - 32 tonna;
  • Asfalt esasly toýun çişiriş ingibitory - 7,2 tonna;
  • Kolmatant gabygy 0-2 mm - 9 tonna;
  • Köpük aýryjy - 0,6 tonna;
  • Suwuk aýna (silin VN-M) - 34 tonna;
  • Tehniki kalsiý nitraty - 1600 tonna;
  • MK-200 kysymly buraw erginleri üçin karbonatly agraldyjy – 20 tonna;
  • Çala şepbeşik poliakrilamid - 1 tonna;
  • Çalgy goşundysy - 25 tonna.

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
Önümiň doly adyny, öndürilen ýurduny, ölçeg birligini, birligiň bahasyny, önümiň umumy bahasyny we gowşuryş şertlerini görkezip täjirçilik teklibini ibermeli.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 15 (on bäş) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 222 6-43-66

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru

Туркменистан, Балканский велаят, г.Балканабат, ул.Т.Сатылова
Bulary hem okaň
2022