01.06.2023
05.07.2023

“Türkmennebit” DK kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desgany gurmak boýunça gaýtadan tender yglan edýär

“Türkmennebit” DK tender toparynyň adyndan aşakdaky lot boýunça gaýtadan №77/1 belgili açyk görnüşli halkara tender yglan edýär

Lot – Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desganyň taslamasyny düzmek, ony dolulygyna gurmak, işe girizmek hem-de onuň gurluşygy üçin gerekli materiallar we enjamlar bilen üpjün etmek

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin belgileri:

+993 12 40-39-93

+993 12 40-39-90

+993 12 40-35-55

+993 12 40-35-53

Faks:

+993 12 40-39-39

Elektron salgysy:

fer@turkmennebit.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022