24.05.2024
06.06.2024

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi barlaghana binasyny gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi barlaghana enjamlaryny, gurallaryny, abzallaryny satyn almak, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki barlaghana binasynyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Lot No.1 – Ylmy- barlag ekerançylyk instituty üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän barlaghana enjamlaryny we serişdelerini satyn almak

Lot No.2 - Ylmy- barlag däneçilik instituty üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän barlaghana enjamlaryny we serişdelerini satyn almak

Lot No.3 - Ylmy- barlag pagtaçylyk instituty üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän barlaghana enjamlaryny we serişdelerini satyn almak

Lot No.4 - Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň bilelikdäki barlaghana binasynyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde agzalygy baradaky maglumatlary görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly;
  • “Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi üçin himiki serişdeler bilen üpjün edijileri, potratçylary saýlamak boýunça tender geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
  • her lot üçin tender tölegi tölenenden soň, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • bäsleşigiň tehniki talaplaryny we lotlaryň spesifikasiýasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-77-46

+993 12 44-77-47

+993 12 44-74-58

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022