08.06.2023
07.07.2023

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Çarlak” myhmanhanasynda döwrebap kinoteatry gurnamak boýunça tender yglan edýär

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenbaşy şäherindäki “Çarlak” myhmanhanasynda döwrebap kinoteatry gurnamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Tekliplerde şu aşakdakylar göz öňünde tutulmaly:

  • kinozalyň diwarlaryny ses geçirmeýän örtük bilen ýapmak;
  • döwrebap “Dolby atmos” akustikasyny gurnamak;
  • ýokary çözüjilikli proýektor we giň formatly ekrany gurnamak;
  • maglumatlary saklamak üçin niýetlenilen uly göwrümli kompýuter serwerini gurnamak;
  • onlaýn bron programma üpjünçiligini we saýty döretmek.

Kinozaly gurnamak üçin myhmanhananyň mejlisler zaly kärende görnüşinde ýa-da ynançly dolandyryş hökmünde berlip bilner.

Myhmanhananyň 1-nji gatyndaky 90 orunlyk mejlisler zalynda döwrebap kinoteatry gurnamak boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 243 6-06-00

Elektron salgysy:

charlakotel@sanly.tm

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Bahry Hazar köçesiniň 8-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022