20.06.2023
24.07.2023

“Türkmengaz” DK kompressor stansiýasyny gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

"Türkmengaz" döwlet konserni tender toparynyň adyndan Gündogar-Günbatar gaz turbageçirijisiniň "KS-1 Şatlyk" kompressor stansiýasyny gurmak, enjamlar bilen üpjün etmek we ony işe girizmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda görkezilen salgy boýunça ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 40-32-50

(+99312) 40-32-40

Faks:

(+99312) 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022