12.07.2023
21.07.2023

“Hazar” konsorsiumy elektrik sorujy gurluşlary bejermek boýunça tender yglan edýär

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky lot boýunça tender yglan edýär:

Lot №1 –Gündogar Çeleken meýdançasynda ýerleşýän elektrik sorujy gurluşlaryna (УЭЦН) 3 ýylyň dowamynda tehniki hyzmat bermek we olary bejermek

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 10 (on) senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • 250 (iki ýüz elli) ABŞ dollary möçberinde tender tölegini tölemeli. "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda GBüS töleginden boşadylýar.
  • Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň ýazmaça arzasy;
  • Bäsleşigiň şertlerini we lotuň spesifikasiýasyny almaly. Bäsleşigiň şertlerini almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň tender töleginiň tölelenendigini tassyklaýan resminamany, ýazmaça arzasyny (kärhana barada gysgaça maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) tabşyrmaly

Tender tölegi tölemek üçin rekwizitleri: kompaniýanyň şahamçasy MITRO INTERNATIONAL LIMITED TURKMENISTAN walýuta hasaby 232 030 002 201 849 001 69000 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY salgyt kody 302 341 000 023

kor hasaby 211 018 401 101 001 0000 3000 MFO 390 101 201

SWIFT: SBFETM 22. Bank çykdajylary – dalaşgariň öz hasabyna.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar: 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Alişir Nowaýy köçesi, 100, (Altyn Zaman binasy). “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 44-33-00

Faks:

+993 12 44-33-01

Elektron salgylary:

a.ishankulieva@asb.mitro-int.com, sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Türkmenistan, Aşgabat ş., A.Nowaýy, 100
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022