25.07.2023
07.08.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy korroziýa barlagynyny geçirmek üçin tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy korroziýa barlagynyny geçirmek üçin tehniki hyzmat bermek boýunça №CIT-23055-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin teklip edilýän gurallaryň we enjamlaryň ýerleşýän ýeri we häzirki ýagdaýy
  • Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli
  • Kompaniýanyň doly profili barada maglumat, iş ygtyýarnamasynyň göçürmesini, salgyt hasaba alyş şahadatnamasyny we beýleki materiallary bermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.
  • Tender işleri ýerine ýetirilýän döwründe kärhananyň ygtyýarnamany togtatmajagy ýa-da ýatyrmajakdygy, bankrot diýlip yglan edilmejekdigi, şertnamanyň ähli şertlerini ýerine ýetirip biljekdigi barada kärhananyň ýolbaşçysy ýa-da ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilen kepillik haty

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022