01.02.2024
06.03.2024

“Türkmenawtoulaglary” agentligi ulag serişdelerini, okuw enjamlaryny we materiallary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde gurulýan elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalary üçin ulag serişdelerini, okuw enjamlaryny we materiallary satyn almak we gurnamak üçin bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlere teklip edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statysyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama bermeli;
  • 700 (ýedi ýüz) manat (taraplaryň ylalaşygy boýunça dahylsyzlar 200 (iki ýüz) amerikan dollary) möçberinde bäsleşik ýygymyny tölemeli;
  • tehniki tabşyrygy almaly.

Töleg geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berler.

Bäsleşik teklipleri möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjalarda kabul edilýär we olara bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşik ýygymynyň tölenendigi barada kepilnamanyň görkezilen ýagdaýynda serediler.

Bäsleşik teklipleri şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda, soňky gün sagat 12:00-a çenli aşakdaky salgyda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-03-55

+993 12 39-03-40

+993 12 39-03-41

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 126-njy jaýy
Bulary hem okaň
2022