14.02.2024
14.03.2024

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenbaşy şäherindäki “Çarlak” myhmanhanasy üçin zerur enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot №1

  • Kuwwaty 450-500 kWt bolan howa çalşygy ulgamy üçin iki çiller; (12-nji gat üçin hasaplama);
  • Myhmanhananyň gatlarynyň arasyndaky çillerler üçin dürli ölçeglerdäki geçiriji turbalar;

Lot №2

  • Göterijiligi 630 kg deň bolan, iki sany ýolagçy lift (5 adamlyk)
  • Göterijiligi 1000 kg bolan ýük we ýolagçy lifti (10 adamlyk)

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalar aşakdaky resminamalary bermeli:

  • kompaniýanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, gatnaşyjynyň hasaba alnan ýurduny, rekwizitlerini görkezmek bilen arza tabşyrmaly, şeýle hem, oňa goşundy hökmünde esaslandyryjy resminamalary, ynanç hatyny, pasportyň göçürmesini we arza berijiniň wekiliniň telefon belgileri goşmaly
  • bu ugurda kompaniýanyň tejribesi barada maglumat;
  • kompaniýanyň jogapkär wekilinden ynanç haty;
  • “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hasabyna 300 (üç ýüz) ABŞ dollaryny töläp bäsleşigiň tehniki şertleri almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 1 (bir) aýyň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:

Tehniki ösüş we kadalaşdyryş bölümi

Tel: +993 243 6-07-46

E-poçta: tech.dept@tmrl.gov.tm

Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi

Tel: +993 243 4-95-51

E-poçta: foreign_dept@tmrl.gov.tm

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam köçesiniň 8-nji “А” jaýy
Bulary hem okaň
2022