28.03.2024
01.05.2024

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky aragatnaşyk tor enjamlaryny satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky döwrebap gorag, serwer we maglumat aragatnaşyk tor enjamlaryny, maglumat gorag programma üpjünçiliklerini satyn almak, ornaşdyrmak hem-de bu ugurda bankyň hünärmenlerine okuw geçmek boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №1 — Döwrebap serwer enjamlary.

Lot №2 — Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tor enjamlary.

Lot №3 — Döwrebap gorag enjamlary.

Lot №4 — Maglumat howpsuzlygynyň hadysalaryny anyklamaga, seljermäge we olara jogap bermäge ýardam berýän (SIEM) gorag programma üpjünçiligi.

Lot №5 — Elektron maglumatlaryň ýitgileriniň öňüni alyş (DLP) we antiwirus gorag programma üpjünçiligi.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Döwlet ösüş bankyndan iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 21-04-63

+993 12 21-04-57

Faks:

+993 12 21-04-43

Elektron salgysy:

osushbank@tdob.gov.tm

Aşgabat ş, A.Nyýazow şaýoly, 143
Bulary hem okaň
2022