19.08.2024
22.08.2024

Kids Expo: ähli zat çagalar üçin

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda şu ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler.

Sergi-ýarmarkada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary we tehnologiýalary bilen tanyşdyrylar.

Şunuň bilen birlikde, bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

 

Türkmenistan, Aşgabat ş., Çandybil şaýoly 143
Bulary hem okaň
2022