10.09.2024
11.09.2024

HI-TECH Turkmenistan 2024

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forum we sergi geçiriler. Çäre, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat eder.

Foruma Türkmenistandan, ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan, Beýik Britaniýadan 100-den gowrak kompaniýa gatnaşar.

Forumyň dowamynda türkmen alymlary we inženerleri tarapyndan işlenip düzülen emeli intellekt ugrundaky iň täze taslamanyň tanyşdyrylyşy geçiriler. Bu taslama Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler boýunça möhüm ädim bolup, ýurduň dürli senagat we döwlet dolandyryş pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga taýýarlygyny görkezýär.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda ýaş telekeçileri we innowasion taslamalary goldamak hem-de ösdürmek maksady bilen geçirilýän “StartUp Hi-Tech Türkmenistan’ bäsleşiginiň jemleri jemlener. Ýeňijiler Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň öňünde öz taslamalaryny hödürlemek, şeýle hem maýa goýumlaryna we hyzmatdaşlyk maksatnamalaryna eýe bolmak mümkinçiligine gazanarlar.

Habarlaşmak üçin:

Telefon belgi:

+99365 63-41-15

Elektron salgylar:

pr@hitech-turkmen.com

info@hitech-turkmen.com 

Web-sahypa: hitech-turkmen.com

Bulary hem okaň
2022