14.06.2024
29.07.2024

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi halkara bäsleşik yglan edýär

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bäsleşik toparynyň adyndan aşakda görkezilen lotlar boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №2 — daş owradyjy enjamlar toplumlaryny we göçme daş owradyjy enjamlar toplumlaryny satyn almak;

Lot №4 — daş owradyjy enjamlar toplumlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplara şu aşakdaky talaplar bildirilýär:

  • dalaşgäriň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini görkezip, bäsleşige gatnaşmak islegi barada arza tabşyrmaly (offşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan dalaşgärlerden arzalar kabul edilmeýär);
  • bäsleşige gatnaşmak üçin zerur bolan “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, bäsleşikleri geçirmegiň Tertibi we resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;
  • lotlaryň ýöriteleşmesini, tehniki ýumşuny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da onuň manatdaky ekwiwalentini (goşulan baha üçin salgydy we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) her bir lot boýunça tölemek üçin hasap-faktura almaly.

Bäsleşik teklipleri onuň yglan edilýändigi barada bildirişiň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap-fakturasy ýazmaça arza tabşyrylandan soň berler. Ýapyk görnüşli bukjanyň içinde möhür bilen tassyklanan doly bäsleşik teklibi bildirişiň çap edilen gününden başlap degişli salga getirilmeli we olara pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Bäsleşik bukjasyna arzanyň elektron görnüşini, şertnamanyň esasy şertlerini (“Word” formatynda) we tehniki-ykdysady ýöriteleşmesini (“Excel” formatda) tabşyrmaly.

Telefon belgileri:

+993 12 92-08-64

+993 12 92-22-17

Faks:

+993 12 92-08-64

Tehniki soraglar üçin:

+993 12 92-15-40

+993 12 92-06-06

Elektron salgysy:

ves-avtoyol@mail.ru

wes.avtoyolagency@gmail.com

Aşgabat şäheriniň Azady (2011) köçesiniň 95-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022