14.06.2024
31.07.2024

"Deňiz söwda floty" ÝGPJ nebit önümlerini daşaýan gämiler üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Alaja” (IMO:9702663) we “Kenar” (IMO:9702675) nebit we nebit önümlerini daşaýan gämileri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

  • esasy hereketlendiriji üçin ätiýaçlyk şaýlary;
  • wint-rul toplumy üçin ätiýaçlyk şaýlary;
  • balast ulgamy üçin ätiýaçlyk şaýlary;
  • howa kompressory üçin ätiýaçlyk şaýlary;
  • halas ediş gämisiniň krany üçin ätiýaçlyk şaýlary;
  • radio nawigasiýa üçin enjamlary

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplara şu aşakdakylar teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin kompaniýanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, gatnaşyjynyň hasaba alnan ýurduny, poçta salgysyny, telefon we faks belgilerini, e-poçta salgysyny hem-de gatnaşyjynyň Türkmenistandaky wekiliniň rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;
  • "Deňiz söwda floty" paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna 1000 (bir müň) ABŞ dollaryny töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 14-nji iýundan başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri ýokarky burçunda taslamanyň adyny görkezip ýapyk möhürlenen bukjada aşakda görkezilen salga ibermeli.

Habarlaşmak üçn telefon belgisi:

(+993 243) 5-12-46

Elektron salgysy:

tech.depmmf@gami.com

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Bahri-Hazar köçesi, 1
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022