05.08.2024
19.08.2024

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Caterpillar buldozerini we hereketlendirijileri düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Caterpillar D8R buldozeriniň hem-de F-800 sorujy gurluşlaryň Caterpillar C27 kysymly hereketlendirijileriniň barlagyny geçirmek we olary düýpli abatlamak boýunça Russiýanyň pul birliginde (rublda) we manatda №2024/30 belgili bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip tatneft-tender@yandex.ru elektron salga arza ibermeli (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki ýumşyny almaly. Tehniki talaplar arzada görkezilen salga iberiler;
  • bäsleşik tekliplerini 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyna sagat 17:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Elektron salgysy:

tatneft-tender@yandex.ru

Bäsleşige degişli soraglar boýunça maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygy R.K. Batyrowa ýüz tutup bilersiňiz. Telefon belgisi: +993 61 06-17-99.

Tehniki soraglar üçin baş mehanik Ý.D Kriwilýowa ýüz tutup bilersiňiz. Elektron salgysy: KrivilevYD@tatneft.tatar, telefon belgisi + 993-62-74-18-80.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022