Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen "Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl" atly Kararnamany biragyzdan kabul edip, 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Kararnama 24-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde kabul edildi. Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi.
Kararnamanyň taslamasyny hödürlän türkmen tarapy çuňňur ählumumy özgertmeleriň häzirki şertlerinde halkara hukugyna hormaty pugtalandyrmagyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek hem-de netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm şert bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bellemegine görä, Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hukugynyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy pugtalandyrmak, şeýle hem BMG-niň çäklerinde konstruktiw köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

















