Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy inert materiallary satyn almak boýunça tender yglan edýär
Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýanyndaky jogapkärçiligi çäkli Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy inert materiallary satyn almak boýunça №WZ-ZJCG-20240802-02 tender yglan edýär
1. Tender resminamalary deslapky saýlama tamamlanandan soň berler. Deslapky saýlama üçin gerekli resminamalar:
- köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp (gazetiň ady we berlen senesi) tenderiň belgisini we adyny görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza;
- ähli zerur amallary ýerine ýetirmek üçin ygtyýarly wekil üçin ynanç haty hem-de ygtyýarly wekiliň şahsyýetini tassyklaýan resminama;
- bu tender üçin deslapky gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, belgisi we senesi, bank rekwizitleri, hukuk salgysy/hakyky salgysy, hasaba alyş resminamalarynyň, ygtyýarnamalaryň, şahadatnamalaryň, şertnamalaryň göçürmeleri;
- gatnaşyjynyň bu ugurda iş tejribesi barada resmi maglumatlar, bellenen ýere ýükleri eltme mümkinçilikleri we wagty, olary daşama ugurlary, olary daşaýan ulag görnüşi, gaplamanyň görnüşi, ýagdaýy barada hyzmatdaşlardan teklip hatlary;
2. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma, deslapky saýlama üçin resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.
3. Tender resminamalaryny bermegiň wagty: deskaply saýlawdan geçen potratçylara bäsleşik resminamalary bir nusgada berler. Tender, resminamalar berlen senesinden 21-nji senenama güni ýapylar.
Elektron salgysy: ccdcttender@mail.ru
Jogapkär hünärmen: Annagulyýewa Maral
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 65 68-20-17
(9533) 44-52-00