Türkmenabat halkara howa menzili wideo gözegçilik ulgamyna tehniki hyzmat bermek boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziliniň toplumynda oturdylan wideo gözegçilik ulgamyny hemişe işjeň ýagdaýda saklamak we olara ygtyýarly hünärmenler tarapyndan wagtly-wagtynda tehniki hyzmatlary bermek üçin ýerine ýetirijini saýlamak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça: Türkmenabat Halkara howa menziliniň toplumynda oturdylan wideo gözegçilik ulgamyny hemişe işjeň ýagdaýda saklamak we olara tehniki hyzmatlary ýokary derejede hem-de wagtynda geçirmek. Degişli resminamalaryň bolmagy
Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:
- kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
- kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
- bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;
- bäsleşige gatnaşmak üçin 70,00 manat (ýetmiş manat — goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen) töleg tölemeli (gatnaşmak üçin töleg yzyna gaýtarylmaýar).
Bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, kanuny ýagdaýyny görkezip arza bermeli, şeýle hem oňa gatnaşmak üçin ýüztutujynyň bellige alyş we kanuny resminamalaryny, güýjüni görkezmeli. Arza berijiniň wekiliniň pasportynyň göçürmesi bolmaly.
Bäsleşik teklipleri bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç berlen teklipler kabul edilmeýär.
Pul geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza berlen mahaly berler.
Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.
Möhür bilen tassyklanan doly tender teklibi möhürlenen bir bukja, bildiriş çap edilen pursadyndan başlap ýokardaky salga eltilmelidir we bäsleşige gatnaşmak üçin tölegi tölenenden soň serediler.
Bäsleşik bukjasynda maglumatynyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word gör nüşinde) we tehniki we ykdysady spesifikasiýa (Excel görnüşde) bolmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 (422) 9-46-78
+993 (422) 9-47-03