Mary welaýatynyň häkimligi attraksion enjamlaryny satyn almak boyunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndaky PB-1109 belgili Buýrugy esasynda, Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň, etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş ykdysady we medeni taýdan ähli görnüşler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji etrap diýip yglan edildi we 1 000 000 (bir million) amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň beren pul sylagyna Sakarçäge şäherinde çagalar üçin medeni-dynç alyş merkezini gurmak meýilleşdirilýär. Welaýatyň häkimligi Sakarçäge şäherinde çagalar üçin guruljak medeni-dynç alyş merkezinde daşary ýurt enjamlarynyň oturdylmagynyň zerurlygyny göz öňünde tutmak bilen, daşary ýurtlardan getirilmeli attraksion enjamlaryny getirip we olary gurnamak üçin halkara bäsleşigini geçirýär.
Şol bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli we daşary ýurt edara-kärhanalary, hususy kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:
- gatnaşyjy doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
- soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
- edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
- ýerli hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2025-nji ýylyň 3-nji maýynda sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Mary welaýatynyň häkimligi
Tel: 8 (522) 6-06-21
Faks: 8 (522) 6-33-60
Sakarçäge etrabynyň häkimligi
Tel: 8 (522) 6-08-35