12.04.2025
18.04.2025

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" pirotehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gämiler üçin pirotehniki serişdeleri satyn almak we üpjün etmek boýunça №1 belgili halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

1.Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän dalaşgäriň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, poçta salgysy, telefon we faks belgileri, e-mail salgysy, dalaşgäriň Türkmenistandaky wekiliniň maglumatlary, kompaniýanyň soňky 3 (üç) ýylda maliýe ýagdaýy, şeýle hem kompaniýanyň we onuň işgärleriniň tejribesi barada giňişleýin maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • 300 (üç ýüz) ABŞ dollary (GBüS bilen bilelikde) möçberinde töleg geçirip, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Ýüztutmalar 2025-nji ýylyň 18-nji apreline ýerli wagt bilen 16:00-a çenli kabul edilýär.

2. Talap edilýän ähli resminamalar möhürlenen bukjada, bukjanyň ýokarky burçunda taslama ady görkezilip, şu salga iberilmelidir: 745000 Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, 8, "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" AGPJ.

Habarlaşmak üçin telefon belgleri:

+993(243) 4-94-46

+993 64-36-98-20

Elektron salgysy:

marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

3. "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" AGPJ dalaşgäriň gatnaşmagy, resminamalary taýýarlamak we doldurmak üçin çekilen harajatlara jogapkärçilik çekmeýär.

Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, 8
Bulary hem okaň
2022