“Türkmennebit” DK nebit guýujy deňiz pyýasyny gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
“Türkmennebit” Döwlet konserni, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri (potratçylary) bäsleşik (tender) esasynda saýlaýan toparyň adyndan, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki Okarem şäherçesinde ýerleşýän “Keýmir” nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebit guýujy deňiz pyýasynyň taslamasyny taýýarlamak we ony dolulygyna gurmak, şol sanda öňki nebit guýujy deňiz pyýasyny sökmek boýunça №02/DG belgili halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen Lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Bäsleşik teklipleri tabşyrmagyň möhleti we bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Habarlaşmak üçin belgileri:
+993 12 40-35-53
+993 12 40-35-55
+993 12 40-35-12
Faks:
+993 12 40-39-24
+993 12 40-35-55
Elektron salgysy:
fer@turkmennebit.gov.tm