Halkara robotlar sergisi – IREX 2025
2025-nji ýylyň 3–6-njy dekabry aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki Tokyo Big Sight sergi merkezinde 26-njy Halkara robotlar sergisi (IREX 2025) geçiriler. Bu sergi dünýäde robototehnika ugrunda geçirilýän iň iri çäreleriň biridir.
Serginiň guramaçylary: Ýaponiýanyň Robototehnika Assosiasiýasy (JARA) we Nikkan Kogyo Shimbun neşirýat öýi.
IREX 2025-iň şygary — “Robototehnika arkaly durnukly jemgyýet” — adam bilen enjamyň hyzmatdaşlygynyň esasynda sosial meseleleriň çözülmegine we senagat ösüşine robotlaryň goşandyny nygtaýar.
Serginiň esasy ugurlary:
- Senagat robotlary we awtomatlaşdyrma ulgamlary
- Hyzmat we lukmançylyk robotlary
- Emeli aň, sanly tehnologiýalar (ICT) we sensorlar
- Robototehnika üçin komponentler we programma üpjünçiligi
- Logistika we mobil çözgütler
IREX 2025 sergisiniň çäginde robototehnika boýunça soňky gazanylan üstünliklere bagyşlanan tematik konferensiýalar, forumlar we seminarlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Giňişleýin maglumat we registrasiýa: irex.nikkan.co.jp


30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


