12.06.2025
25.06.2025

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “ Caterpillar” kysymly hereketlendirijileri düýpli abatlamak boýunça tender yglan edýär

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Caterpillar C27 we Caterpillar-3408 kysymly hereketlendirijileri barlagdan geçirmek we düýpli abatlamak boýunça Türkmen manadynda №2025/19 belgili tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru

Tender boýunça goşmaça maglumatlar üçin MTÖ inženeri +993 222 6-43-66 telefon belgisi arkaly, tehniki meseleler boýunça bolsa, baş mehanik bilen +993 62-74-18-80 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022