02.07.2025
12.08.2025

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatda binalary we desgalary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde binalary we desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan edýär:

Lot No.1 – Türkmenistanyň Döwlet arhiwiniň binasy;

Lot No.2 – Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk 1 sany orta mekdep;

Lot No.3 – Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk 1 sany orta mekdep;

Lot No.4 – Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk çagalar bagy;

Lot No.5 – Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda saglyk öýi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler 2025-nji ýylyň 12-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-45-55

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022