Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,5 göterim ýokarlandy. Bu barada şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, penşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça ýurduň resmi metbugaty habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň makroykdysady görkezijiler barada hasabatynda belleýşi ýaly, hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim, öndürilen önümleriň umumy möçberi bolsa 10 göterim artdy. Jemi içerki önümiň ösüş depgini bolsa 6,3 göterim ýokarlandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň söwda toplumy we telekeçilik pudagynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatynda belleýşi ýaly, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar–oktýabr aýlarynda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114 göterime deň boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini 109,7 göterime, senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 108,1 göterime deň boldy. Şeýle hem haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 110,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 109,3 göterime ýetdi.
Dokma senagatynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 109,6 göterime deň bolup, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň umumy girdejileriniň ösüş depgini bolsa 106 göterime ýetdi.
Hasabatyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hususy pudagy ösdürmek, bazarlary we söwda nokatlaryny azyk hem-de beýleki isleg bildirilýän önümler bilen üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutany dokma senagatynyň önümleriniň hilini has-da ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
















