12.05.2026
14.05.2026

Agro Pack Turkmenistan & Food Turkmenistan 2026

2026-njy ýylyň 12–14-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde “Agro Pack Turkmenistan 2026” atly halkara sergi geçiriler. Bu sergi sebitde oba hojalygy we azyk senagaty pudaklary üçin iň iri meýdançalarynyň biridir.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçiriler we her gün sagat 10:00-dan 18:00-a çenli myhmanlar üçin açyk bolar.

Şu ýyl sergi "Food Turkmenistan 2026" bilen bir wagtda geçiriler. Bu bolsa önümçiligiň we satuwyň doly zynjyryny — meýdandan başlap sarp edijä çenli — bir ýerde görkezmäge giň mümkinçilik berer.

Serginiň bölümleri:

  • Azyk we içgi önümlerini öndürmek üçin enjamlar
  • Gaplama enjamlary we gaplama materiallary
  • Azyk önümleri we goşundylar
  • Myhmanhana pudagy hem-de çörek önümlerini öndürmek üçin enjamlar
  • Ýyladyşhana hojalygy, bagbançylyk we tokaý hojalygy
  • Dänäni saklamak ulgamlary we degirmen enjamlary
  • Guşçulyk we maldarçylyk üçin enjamla
  • Suwaryş ulgamlary

Sergi So Fuar Group tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralýar. 2024-nji ýylda geçirilen sergä Belarusdan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden we Türkmenistandan 75 kompaniýa gatnaşdy. 2026-njy ýylda bolsa dürli ýurtlardan 120-den gowrak gatnaşyjynyň gelmegine garaşylýar.

Giňişleýin maglumat we hasaba alyş: ashgabat.agro-pack.com

Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022