“Türkmennebit” DK demir ýol benzin estakadasynyň durkuny täzelemek boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini saklamak we ugratmak boýunça Kenar kärhanasynda demir ýol benzin estakadasynyň taslamasyny taýýarlamak we durkuny täzelemek, şeýle hem nebit önümlerini awtoulag sisternalaryna guýmaga niýetlenen meýdançany gurmak boýunça №05/DG belgili bäsleşigiň möhletini 21.04.2026ý. senesine çenli uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- bäsleşigiň esasy tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBüS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Şu tendere ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik teklipleri tabşyrmagyň möhleti bu bildirişiň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap www.turkmennebit.gov.tm hem-de www.oilgas.gov.tm web sahypalarynda ýerleşdiriler.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Habarlaşmak üçin belgileri:
+993 12 40-35-53
+993 12 40-35-55
+993 12 40-35-12
Faks:
+993 12 40-39-24
+993 12 40-35-55
Elektron salgysy:
fer@turkmennebit.gov.tm











