Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 3-nji noýabrda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Samir Pol Kapur ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem syýasy dialogy yzygiderli dowam etdirmegiň, özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täze mümkinçiliklerini öwrenmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeniýet we ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, işewür toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlaryny çekmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem bilim we ylym ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek, medeni-ynsanperwer alyşmalary giňeltmek meselelerine garaldy.
Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda “Merkezi Aziýa – ABŞ” (C5+1) formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça hem pikir alyşdylar.
Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şeýle hem syýasy dialogy yzygiderli ösdürmegiň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy anyk taslamalar hem-de amaly işler bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

















