25.03.2026
05.05.2026

“Altyn Asyr” ÝGPJ 5G we 4G+ kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 5G we 4G+ (şol sanda VoLTE, LTE-Advanced) öýjükli aragatnaşyk üçin kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn almak, şeýle hem “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň hereket edýän mobil ulgamynyň programma üpjünçiligini we tehniki serişdelerini döwrebaplaşdyrmak üçin aşakdaky lotlar boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №1 – Aşgabat şäherinde, şeýle hem Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda TM CELL mobil ulgamyny ösdürmek taslamasynyň çäklerinde tehnologik enjamlary bilen üpjün etmek we gurnamak

Lot №2 – Lebap we Mary welaýatlarynda TM CELL mobil ulgamyny ösdürmek taslamasynyň çäklerinde tehnologik enjamlary bilen üpjün etmek we gurnamak

Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar ýazmaça arza tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri (tehniki we täjirçilik teklipleri) iki aýratyn bukjada taýýarlanyp, aşakda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmalydyr. Teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 391248

Faks:

+993 12 391246

744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi, 217
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022