09.04.2026
10.04.2026

Gyzylarbat etrap häkimligi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzylarbat etrap häkimligi etrabyň Gyzylarbat şäheriniň Berkarar 1, 2, 3, 4, 5-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda we Demirgazyk-Gündogar kiçi etrabynyň 1-nji ýaşaýyş jaý toplumynda, Janahyr şäherçesinde raýatlar üçin bank karzlarynyň hasabyna 1 gatly, 4 otagly we 1 gatly, 5 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere bildirilýän talaplar:

  • Gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza.
  • Edara-kärhana tarapyndan soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat.
  • Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat.
  • Hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşigiň teklipleri 2026-njy ýylyň 10-njy apreline çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Telefon belgisi:

(+993246) 5-03-06

(+993246) 5-43-03

Faks:

(+993246) 5-10-24

Balkan welaýaty, Gyzylarbat
Bulary hem okaň
2022