Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
TDHÇMB
18.06.2026
29.07.2026
“Türkmengaz” DK gaz geçirijileriniň turbalarynyň içki diagnostikasyny geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmengaz” döwlet konserni tender toparynyň adyndan gaz geçirijileriniň turbalarynyň içki diagnostikasyny geçirmek hyzmatlary boýunça potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Tendere gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, kompaniýanyň işewürligi, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär).
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.
Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.
Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+99312) 40-32-40
(+99312) 40-32-50
Faks:
(+99312) 40-32-59
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň










