Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde Halkara Nowruz baýramy bellenildi

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde Halkara Nowruz baýramy bellenildi
Çäräniň dowamynda aýdym-saz çykyşlary we pars dilini öwrenijiler tarapyndan taýýarlanylan sahna görkezildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde sişenbe güni bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi.

Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçirilen bu çärä Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň başlygy Nawid Rasuli, pars dilini öwrenijiler, olaryň ene-atalary, myhmanlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen geçirilen bu çäräniň dowamynda Nawid Rasuli Eýranda Nowruz baýramynyň bellenilişi we ýurduň baýramçylyk saçagyna goýulýan tagamlar barada gürrüň berdi. Şeýle hem çäräniň dowamynda aýdym-saz çykyşlary we pars dilini öwrenijiler tarapyndan taýýarlanylan sahna görkezildi.

Eýranyň medeniýet merkezinde geçirilen çärä gatnaşan myhmanlara Türkmenistanyň hem-de Eýranyň dürli tagamlary hödürlendi.

2022