“Gurtly gurluşyk harytlary” dükany 10% arzanlaşyk yglan edýär

“Gurtly gurluşyk harytlary” dükany 10% arzanlaşyk yglan edýär
Dükanyň hünärmenleri müşderilere her gün sagat 8:00-dan 20:00-a çenli hyzmat edýär.

Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Gurtly gurluşyk harytlary” dükany 30-njy aprele çenli ähli harytlaryna 10% arzanlaşyk yglan edýär. Bu dükanda bäş müňden gowrak görnüşli gurluşyk harytlary iň amatly bahadan satylýar.

Bu dükanda hödürlenýän ýokary hilli harytlaryň arasynda gurluşyk we santehniki enjamlarynyň, nasoslaryň, smestitelleriň, dürli görnüşli boýaglaryň, şeýle hem gurluşyk aksessuarlarynyň giň toplumy bardyr.

Bu dükanyň hödürleýän harytlary hil görkezijileri babatda dünýä ülňülerine laýyk gelip, olar BAE-den Türkiýeden, Hytaýdan we beýleki goňşy döwletlerden getirilýär. Bu ýerde dükanyň müşderileri Türkmenistanda öndürilen gurluşyk harytlaryny hem satyn alyp bilerler.

“Gurtly gurluşyk harytlary” dükanynyň ussat hünärmenleri müşderiler bilen baý tejribelerini paýlaşyp, gurluşyga degişli harytlary saýlap almak boýunça maslahatlaryny bererler.

Şeýle hem bu ýerde harytlary şäher içine eltip bermek hyzmaty hem-de islendik görnüşli kraskalary we emulsiýalary garyp bermek hyzmaty bar.

Bulardan başga-da, “Gurtly gurluşyk harytlary” dükanynda tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.

Dükanyň hünärmenleri müşderilere her gün sagat 8:00-dan 20:00-a çenli hyzmat edýär.

“Gurtly gurluşyk harytlary” dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň 546-njy jaýynyň 1-nji gaty

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

+993 63 22-22-01

+993 (12) 24-26-90

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022