Türkmenistanyň Prezidentine TOGG türk elektrik awtoulaglary gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidentine TOGG türk elektrik awtoulaglary gowşuryldy
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda TOGG türk elektrik awtoulaglarynyň gowşurylyşyndan bir pursat (Surat: Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministrligi)

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat hökmünde iki sany TOGG türk elektrik awtoulagyny ugratdy. Bu barada “Anadolu” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu we TOGG kompaniýasynyň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentine iki sany TOGG türk elektrik awtoulagyny gowşurdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow awtoulagy synagdan geçirdi we minnetdarlygyny bildirdi.

TOGG türk awtoulagynyň önümçilik zawody geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň Bursa welaýatynda açyldy. Awtoulag iki görnüşde bolup, olar 200 we 400 at güýjüne eýe bolan elektrik hereketlendirijilidir. Bu awtoulagyň iň güýçli görnüşi 100 km/sag tizlige 4,8 sekuntda ýetmäge ukyplydyr. TOGG kompaniýasy bu awtoulagyň 4 modelini çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa “C” kysymly sedany 2024-nji ýylda öndürip başlar.

 Suratlar: Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministrligi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022