“Avtoperegon”: Aşgabat şäherinde tiz we amatly şahsy sürüji hyzmaty

“Avtoperegon”: Aşgabat şäherinde tiz we amatly şahsy sürüji hyzmaty
Kompaniýa müşderilerine günüň islendik wagtynda elýeterli bolan hyzmaty amatly bahadan ýagny, 30 minut üçin 40 manatdan başlaýan bahany hödürleýär.

“Avtoperegon” bu Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň çäginde şahsy sürüji hyzmatyny hödürleýän kompaniýadyr. Kompaniýa gysga wagtyň dowamynda (10-15 minudyň içinde) müşderiniň ýanyna baryp, onuň awtoulagynda aýdan salgysyna alyp gitjek tejribeli sürüjileri hödürleýär.

“Avtoperegon” kompaniýasy müşderileriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen sürüjileriniň ulag we howpsuzlyk düzgünlerine laýyklygy boýunça barlanandygyny kepillendirýär. Kompaniýanyň sürüjileri 21 ýaşdan ýokary, tejribeli, kompaniýa tarapyndan taýýarlanan hem-de ähli barlaglardan geçirilen, hereket edýän sürüjilik şahadatnamasy bolan hünärmenler bolup, olar Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarydyr.

Şahsy sürüji hyzmaty müşderilere dostlary bilen duşuşmaga, iş duşuşyklary we maşgala gezelençleri üçin goşmaça wagt döretmäge ýardam berer. Kompaniýa müşderilerine günüň islendik wagtynda elýeterli bolan hyzmaty amatly bahadan ýagny, 30 minut üçin 40 manatdan başlaýan bahany hödürleýär.

“Avtoperegon” elmydama ýol howpsuzlygynyň iň ýokary ülňülerine eýerýär we hyzmatlaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny kepillendirýär.

Kompaniýa tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlar:

  • bir sagatlyk sürüji;
  • dynç güni üçin sürüji;
  • baýramçylyklar üçin sürüji;
  • şahsy sürüji;
  • şäherara sürüji.

Mundan başga-da, “Avtoperegon” kompaniýasy tomus möwsüminde täze hyzmaty ýagny, Aşgabat şäherinden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna we yzyna sürüjini ibermek hyzmatyny ýola goýdy.

Kompaniýanyň hünärmenleri müşderilerine islendik sürüjilik meselelerinde ýardam bermäge we olary kanagatlandyrjak ýokary derejeli hyzmatlary bermäge taýýardyrlar.

“Avtoperegon” kompaniýasy bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi: 60-92-96

Instagram: @avtoperegon.tm

2022