Türkiýede Demokratiýa we milli jebislik güni bellenildi

Türkiýede Demokratiýa we milli jebislik güni bellenildi
Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli geçirilen çärelerden bir pursat, 2023-nji ýylyň 15-nji iýuly, Ankara, Türkiýe (Surat: "Biznes Türkmenistan" internet neşiri)

Türkiýede şu ýylyň 15-nji iýulynda ýurduň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli döwlet derejesinde çäreler geçirildi. Ýatlama çäreleri ýurduň ähli şäherlerinde, şeýle hem Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirildi.

Ankara şäherinde ýerleşýän Türkiýäniň Prezidentiniň rezidensiýasynyň garşysyndaky ýadygärlige gül goýmak çäresi geçirildi. Türkiýäniň paýtagtynda geçirilen çärelere şol hadysalaryň şaýatlary, şeýle hem ýurduň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz gatnaşdy.

15-nji iýulda Demokratiýa muzeýinde 2016-njy ýylda bolup geçen pajygaly hadysalara bagyşlanan “15-nji iýul 15 sany suratda” atly surat sergisi öz işine başlady. Sergide suratkeş Mehmet Korkmazyň işleri görkezilip, onda Türkiýäniň Prezidentiniň göni ýaýlymdaky taryhy çykyşynyň suratlary myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Ankara şäherinde geçirilen çärelere ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň wekili hem gatnaşdy.

Mundan başga-da, Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli ýatlama çäresi we surat sergisi geçirildi.

Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda pajygaly wakalar bolup geçdi we onuň netijesinde 250-den gowrak adam wepat boldy. Şol ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlangyjy bilen 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni diýlip yglan edildi.

Suratlar: "Biznes Türkmenistan" internet neşiri

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022