Polşaly suratkeş Türkmenistana bagyşlanan suratlary bilen tanyşdyrdy

Polşaly suratkeş Türkmenistana bagyşlanan suratlary bilen tanyşdyrdy
Suratkeş Ioanna Galetskanyň surat sergisi, Şekillendiriş sungaty muzeýi, 2023-nji ýylyň 3-5-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan

Polşaly suratkeş Ioanna Galetska 3-5-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherindäki Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistana bagyşlanan täze suratlary bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, sergide görkezilen eserleriň ählisi türkmen medeniýetinden, tebigatyndan we ýurduň dürli künjeginde ýaşaýan adamlardan ylham alynyp taýýarlanylan suratlar we grafiki eserlerdir.

“Türkmenistana ýene-de gelenime örän şat. Bu ýere ilkinji gezek gelip, al-elwan lybasly owadan zenanlary görenimde, esasy temamyň adamlaryň suratyny çekmek boljakdygyna düşündim. Siziň Altyn asyr gündogar bazaryňyz – meniň esasy ylham çeşmäm. Suratlarymy köplenç şol ýerde çekýärdim, gyzykly adamlar bilen duşuşýardym. Olar diýseň göwnaçyk, myhmansöýerdi, maňa hödür edýärdiler, goşgy okaýardylar. Häzir sergide goýjak suratlarymy Halaç şäherine eden saparymdan getirdim” diýip, Polşaly suratkeş aýtdy.

Görkezilen suratlaryň köpüsi reňkli kagyzyň ýüzüne pastel hekleri bilen çekilipdir. Täsirli işler täsirliligi we keşpleri şekillendiriş takyklygy bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär diýip, habarda bellenilýär.

Ioanna Galetska Türkmenistana ilkinji gezek 2001-nji ýylda gelip gördi. Polşaly suratkeş dürli ýurtlarda 30-dan gowrak şahsy sergileri üstünlikli geçirdi. Suratkeşiň döredijilik işi diňe bir sergiler bilen çäklenmän, ol mugallym bolup işleýär we ussatlyk sapaklaryny geçirýär. Şeýle hem Ioanna Galetska dürli halklaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenýär.

2022