Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny ugratdy. “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi daşary ýurtly myhmanlarymyz hem-de dostlarymyz bilen dabaraly bellemek aýratyn many-mazmuna eýe bolan möhüm wakadyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygyna bagyşlanan bu serginiň we ylmy maslahatyň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň sizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda aýdylýar.
Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanylan bu halkara sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýörite we ýokary bilim berýän okuw jaýlarynyň, hususy kärhanalarynyň we telekeçileriniň ekspozisiýalary hödürlenilýär.
Bu halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk mebelleri, gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasiýon çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işleri görkezilýär.