"Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023" halkara maslahaty öz işine başlady

"Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023" halkara maslahaty öz işine başlady
"Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023" atly halkara maslahatynyň umumy mejlisi, 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabatda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda "Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023" (OGT-2023) halkara maslahaty öz işine başlady

Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow, "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, "ADNOC" kompaniýasynyň az uglerodly çözgütler we halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbeh Al Kaabi, CNPC kompaniýasynyň prezidenti Hou Siszýun (sanly ulgam arkaly), SOCAR kompaniýasynyň prezidenti Rawşan Najaf, Energetika boýunça Ýewropa komissary Kadri Simson ( wideoýüzlenme), "SPE-2023-iň" prezidenti Medhat M.Kamal, "Baker Hughes" kompaniýasynyň Hazar sebiti boýunça wise-prezidenti Ýelena Akolsewa, "British Petroleum" (BP) kompaniýasynyň Azerbaýjanda, Gruziýada we Türkiýede maliýe işleri boýunça wise-prezidenti Kolin Allan we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly ösüş bölüminiň direktory Dario Liguti çykyş etdiler.

Forumyň birinji mejlisinde "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew "Ertirki  günüň energetika ulgamlaryna maýa goýmak arkaly şu günüň energiýa talaplaryny üpjün etmek" atly mowzuk bilen çykyş etdi. Ol şeýle hem tebigy we himiki gazlary netijeli ulanmak meseleleri barada hem durup geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow ykdysady görkezijiler barada durup geçdi: şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 12,7 göterim ösüp, umumy söwdanyň 8 milliard ABŞ dollaryny eksport harytlary eýeledi. Eksport we import gatnaşyklaryndaky aratapawut 3 milliard ABŞ dollaryna golaý bolup, eksportyň haýryna oňyn görkeziji gazanyldy. 

Mejlisiň barşynda ägirt uly "Galkynyş" gaz käniniň maýa goýum mümkinçilikleri maslahatlaşylyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň we maýa goýum mümkinçilikleriniň ähmiýetine üns çekildi.

"Ygtybarly. Durnukly. Arassa energiýa" şu gezekki "Türkmenistanyň nebiti we gazy" halkara forumynyň şygarydyr. "OGT-2023" halkara çäresiniň maksady sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekden, energetika pudagynda ählumumy meýillere seljerme bermekden, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr. Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika we nebitgazhimiýa toplumlarynyň täze maýa goýum taslamalary barada hem giňişleýin maglumat alyp bilerler.

2022