Aşgabat halkara howa menziline täze “Boeing-777-300ER” ýolagçy uçary gelip gowuşdy

Aşgabat halkara howa menziline täze “Boeing-777-300ER” ýolagçy uçary gelip gowuşdy
Täze “Boeing-777-300ER” kysymly ýolagçy uçaryny garşylamak dabarasy, 2023-nji ýylyň 4-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: SalamNews)

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasyndan satyn alnan täze iki sany “Boeing-777-300ER” kysymly ýolagçy howa gämileriniň biri Aşgabat halkara howa menziline gelip gowuşdy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, ikinji ýolagçy howa gämisi ýakyn wagtlarda Türkmenistana getiriler.

Agentligiň ýolagçy howa gämileriniň parkynyň üstüni ýetiren bu täze “Boeing-777-300ER” kysymly EZ-A781 görnüşli döwrebap ýolagçy uçary 368 sany orundan ybarat bolup, 2 sany GE90-115BL2 görnüşli hereketlendirijisi bilen ornaşdyrylandyr.

Şeýle hem bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetip, 40 müň kilograma çenli ýükleri daşamaga ukyplydyr.

Habarda bellenilişi ýaly, bu häzirki zaman howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkyň halkara howa gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurduň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge şertleri döreder.

Suratlar: SalamNews

2022