Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň başlanmagy we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirien çäre, 2024-nji ýylyň 23-nji ýanwary, Kiýew, Ukraina.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda 2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň başlanmagy we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy habar berdi.

Çärä gatnaşanlar Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylandygyny bellediler.

Geçen ýyl hemişelik Bitarap Türkmenistanyň teklibi boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagynyň Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki halkara abraýyny has-da dabaralandyrýandygy aýdyldy.

Dabaranyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygyry, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen we ukrain dillerinde okaldy.

Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşyjylar 2014-nji ýylda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanyp düşürilen “Magtymguly” atly çeper filme tomaşa etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022