Aşgabatda TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

Aşgabatda TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi, 2024-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýekşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan üç günlük sergi we öz işine başlady. Onuň çäklerinde birleşmäniň agzalarynyň maslahaty hem geçirildi.

TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hususy pudagyň milli maksatnamalaryny açyp görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döwrüň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýandygy nygtalýar.

Bu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Sergide gurluşyk serişdelerini, senagat önümleriniň dürli görnüşleri, hojalyk himiýasyny, egin-eşikleri, aýakgaplary öndürýän kärhanalar we mebel önümçiliginiň bilen meşgullanýan kompaniýalar, alkogolsyz içgileri, arassa agyz suw çykarýan kärhanalar, maldarçylyk hem-de balykçylyk pudagynda, şeýle hem azyk önümçiliginde iş alyp barýan kompaniýalar öz önümlerini, gazanan üstünliklerini, öz tejribelerini we mümkinçiliklerini görkezýärler.

TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi 19-njy marta çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022