“Yhlasly Türkmen” ýokary hilli gurluşyk materiallaryny hödürleýär

“Yhlasly Türkmen” ýokary hilli gurluşyk materiallaryny hödürleýär
“Yhlasly Türkmen” hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

“Yhlasly Türkmen” hojalyk jemgyýeti bitum mastikasy, dürli galyňlykdaky izogam ýaly ýokary hilli gurluşyk önümleriniň önümçiligini alyp barýar.

Kompaniýa 2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda esaslandyrylyp, bu ýerde galyňlygy 2,0 mm-den 5.0 mm-e çenli bolan folgaly, poliesteriň we aýnasüýümiň esasynda taýýarlanylan klassiki görnüşli izogamlar taýýarlanylýar. Izogamyň her bir rulonyň meýdany 10 inedördül metre barabar bolup durýar. Bu barada kärhananyň hünärmeni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.

Daşary ýurtlaryň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana günde önümiň müňlerçe sanyny öndürmäge mümkinçiligi bardyr. Gurluşyk materiallaryny öndürmekde ýöriteleşen kärhanada häzirki wagtda onlarça hünärmen zähmet çekýär.

Kärhanada önüm öndürmek üçin gerekli çig mallaryň esasy bölegi Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.

Döwrebap kärhana gysga wagtyň içinde ýokary hilli önümleri bilen bazara çykmagy we alyjylaryň ynamyny gazanmagy başardy.

“Yhlasly Türkmen” hojalyk jemgyýetiniň önümleri içerki bazarda, şol sanda daşarky bazarda uly islegden peýdalanylýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň önümleri Gruziýa, Özbegistana, Türkiýä, Täjigistana we Owganystana eksport edilýär. Şeýle hem kompaniýa Ýewropa ýurtlaryna öz önümleriniň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirilýär.

“Yhlasly Türkmen” hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşmak üçin:

Kärhananyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Binagärlik köçesiniň 56-njy jaýy

Önümçilik kärhanasynyň salgysy: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Demirýolçy köçesiniň 7-nji jaýy

Kärhananyň telefon belgisi:

28-01-20

Kärhananyň elektron salgysy: yhlaslyturkmen@gmail.com

“Yhlasly Türkmen” hojalyk jemgyýetiniň marketing bölümi bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi:

+993 61 26-62-53

Elektron salgysy:

yt.izogam@gmail.com

“Yhlasly Türkmen” hojalyk jemgyýetiniň marketing bölüminiň hünärmeni Aranlyýewa Gülbahar

2022