Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphananyň bilelikde guramaklarynda 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Kiýew şäherinde görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly goşgular ýygyndysynyň okyjylar üçin resmi tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, çärä Ukrainada akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň ilçileri, şahyrlar, ýazyjylar, terjimeçiler we edebiýatçylar, Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň, Kiýew şäheriniň etrap häkimlikleriniň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň, Ukrainanyň dürli şäherlerindäki kitaphanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň wekilleri, türkmen ýaşlary we talyplar gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar Magtymgulynyň edebi mirasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmekde, Magtymguly Pyragynyň ukrain dilinde goşgy ýygyndylarynyň täze kitabynyň ähmiýeti, onuň döredijiligini öwrenijiler we çuň many-mazmuna eýe bolan şahyrana şygyrlaryny söýüjiler üçin uly ähmiýetini bellediler.
Türkmen ilçisi Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini öwreniji, professor Nikolaý Waskiwe, şahyryň goşgularynyň häzirki zaman terjimeçilerini eden P.Mowçana we A.Kononenko, kitabyň neşirçisi W.Zelenskiýe şahyryň doly goşgular ýygyndysyny neşir etmekde bitiren hyzmatlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Ilçisi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli täze neşiriň nusgalaryny Ukrainanyň kitaphanalarynyň fondlaryna gowşurdy
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly täze kitaby we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen köp sanly eseri çäräniň dowamynda görkezildi.
Suratlaryň, kitaplaryň we milli eşikleriň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşanlar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň baýlygy, ýurtda amala aşyrylan uly özgerişleriň depgini bilen içgin tanyşdylar, şeýle hem türkmen aşhanasynyň milli tagamlaryny dadyp gördüler.